Blinken: Waşington Hytaýyň sanksiýalaryny ýazgarýar
(last modified Sun, 28 Mar 2021 13:06:15 GMT )
Mar 28, 2021 18:06 Asia/Ashgabat
  • Blinken: Waşington Hytaýyň sanksiýalaryny ýazgarýar

Amerikanyň daşary işler ministri Hytaýyň ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasynyň iki agzasyny boýkot etmegini "esassyz" diýip atlandyrdy.

AFP habar gullugynyň habaryna görä ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken şenbe güni (27-nji mart) bir beýannama boýynça Pekiniň uýgur musulmanlaryna bolan garaýşy baradaky iki ýurduň barha artýan dawalary sebäpli Hytaýyň iki amerikalyny sanksiýalara salmak işiniň " nädogry we esassyzdygyny" duýdurmak bilen bu hereketiň diňe Sing Kýaňda nesil gyrmak meselesiniň aýdyň boljakdygyny aýtdy.

Blinken bu beýannamanyň dowamynda Pekiniň adam hukuklary we esasy azatlyklar barada çykyş edýänleri gorkuzmak we dymdyrmak üçin edýän tagallalary diňe Sing Kýaňda bolup geçen nesil gyrmak we adam jenaýatlarynyň halkara derejesinde barlanmagyna goşant goşýar diýdi.

Bu amerikan resmisiniň eden çykyşy bir ýagdaýdadyr welin Hytaý, Pekiniň uýgur musulmanlaryna eden çykyşy sebäpli ABŞ we Kanadanyň sanksiýalaryna jogap hökmünde iki amerikaly, bir Kanadaly we adam hukuklary guramasyna sanksiýalar girizendir.

Ýewropa Bileleşigi, Angliýa, Kanada we ABŞ Sing Kýaňda birnäçe syýasy we ykdysady işgärlere bilelikde sanksiýa girizdiler bu mesele bolsa Pekiniň Ýewropa Bileleşiginden we Britaniýadan şahsyýetlere garşy garşylykly sanksiýa girizmegine sebäp bolandyr.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar Hytaýyň soňky birnäçe ýylda diýen ýaly türmede oturan bir million töweregi uýgur musulmanyny mejbury iş lagerlerine iberendigini öňe sürdiler.