Ýewropada jynsparazlyk syýasatynyň dowam etmegi we halk protestleri
(last modified Sun, 04 Apr 2021 10:14:11 GMT )
Apr 04, 2021 15:14 Asia/Ashgabat
  • Ýewropada jynsparazlyk syýasatynyň dowam etmegi we halk protestleri

Häzirki zamanda jynsparazlyk Ýewropa ýurtlarynyň raýatlary üçin çynlakaý meselä öwrüldi.

 

 

Jyns taýdan kemsitmeleriň dürli Ýewropa ýurtlarynda, şol sanda Fransiýa we Angliýada ýaýramagy, esasanam soňky aýlarda we şol bir wagtyň özünde global Covid-19 keseliniň epidemiýasy bilen Ýewropa ýurtlarynyň raýatlarynyň köpüsiniň jynsparazlyk syýasatlaryna garşy çykmagyna sebäp boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Iňlis paýtagtyndaky "London" şäheriniň ýaşaýjylary şenbe güni gije köçelere çykyp, bu ýurtdaky jynsparazlyga garşy çykyş etdiler we Angliýada haýsydyr bir jynsparaz hereketlere garşy durmaga çagyrýan şygarlar aýtdylar.

Protestler Iňlis polisiýasynyň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmak baradaky kanunyň kabul edilmegi Iňlis raýatlaryny hasam gaharlandyrdy. Iňlis polisiýasynyň, esasanam garaýagyz adamlara garşy kemsidiji hereketleri we garaýagyzlara garşy zorlukly hereketleri baradaky habarlaryň çap edilmegi köp sanly Iňlis raýatyny aladalandyrdy.Polisiýanyň güýjüni we ygtyýarlygyny zalymlykly diýip häsiýetlendirdiler.

Jyns taýdan kemsitmek meselesi diňe bir Angliýada däl, eýsem beýleki Ýewropa ýurtlarynda-da görüp bolýar. Bu ýurtlaryň köp raýatynyň, hatda polisiýanyň immigrantlar, garaýagyz adamlar, etnik, dini azlyklar we aýallar bilen bolan zorlukly çemeleşmeleri, sanjymlara we hatda bilime deň hukukly bolmazlygy ,Ýewropalylaryň Adam hukuklary we adamlaryň deňligi barada toslamalarynyň ýalandygyny aýan etýär.

Oppozisiýa kabinetiniň ( Zähmet partiýasynyň)  daşary işler ministri Lisa Nandy: "Angliýada gara we afrika-amerikan ýetginjekleriniň we ýaşlarynyň giňden tussag edilmegi baradaky statistika biziň ýurdumyzyň henizem jynsparazlygy kök uran gurluş bilen meşgullanýandygyny görkezýär" -diýdi.

Adam deňligi, adam hukuklaryna we demokratiýa ünsi, Ýewropaly resmileriň ençeme ýyl bäri öjükdirýän we köp ýurtlary bozmakda aýyplaýan şygarlar, sosial krizisleriň möwjemegi bilen barha ýatdan çykarylýan ýaly görünýär. Diskriminasiýa we demonstrantlara zorlukly çemeleşmegiň wideolary we polisiýanyň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmak üçin täze kanunlaryň kabul edilmegi bu talapyň subutnamasydyr.