May 09, 2021 16:04 Asia/Ashgabat
  • Rus diplomat: Amerika ýadro ylalaşygyna dolanmalydyr

Orsýetiň Wenadaky halkara guramalardaky wekili, Amerika döwleti ýadro ylalaşygyna doly boýun bolmak bilen bu ylalaşyga dolanmalydyr diýip yglan etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Awstriýanyň Wena şäherindäki halkara guramalardaky  Orsýetiň wekili Mihail Ulýanow şenbe güni agşam twitter arkaly ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna gaýdyp gelmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Ulýanow, şenbe güni irden twitter arkaly ABŞ-nyň üç ýyl ozal ýadro ylalaşykdan çykarylmagy barada-da şeýle ýazdy: "Üç ýyl mundan ozal bu gün ABŞ ýadro ylalaşykdan çekildi we Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasatyny başlady. Bu iş ýadro şertnamasyny gowşatdy, Eýranyň ýadro programmasyny güýçlendirdi we Pars aýlagyndaky ýagdaýy erbetleşdirdi. Utandyryjy şowsuzlyk! durmuşda ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek mümkinçiligi Wena gepleşikleriniň gün tertibindedir."

Amerikanyň öňki prezidenti Donald Trump, ýadro şertnamasyndan 2018-nji ýylda birtaraplaýyn yza çekilenden soň, "Maksimum basyş" diýlip atlandyrylýan syýasata laýyklykda, şertnama laýyklykda togtadylan sanksiýalary dikeltmekden we täze sanksiýalary girizmekden başga-da, Yslam Ynkylabynyň Pasdarlar Sepasynyň Kuds güýçleriniň öňki serkerdesi Sardar Gasem Soleýmanyň terror edilmegi ýaly öjükdiriji syýasatlara ýüz tutdy.

Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň täze administrasiýasy iň ýokary basyş syýasatynyň şowsuzdygyny boýun aldy we Amerikany ýadro ylalaşygyna öwrüp getirmek niýetini yglan etdi, emma şu wagta çenli hiç hili çäre gören däldir.

Tags