Aşraf Gani Owganystandan daşary ýurt goşunlarynyň çykmaklaryny nygtaýar
Owganystanyň prezidenti daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagyny ýurduň häzirki taryhynda iň uly mümkinçilik hasaplady.
Owganistanyň AVA habarlar gullugynyň habaryna görä, Aşraf Gani şu gün (penşenbe) Oraza baýramy namazy okalandan soň, Bu güni Owganystan musulmanlaryna we dünýä musulmanlaryna gutlamak bilen Kabul mekdebinde şehit bolanlaryň we bu ýurtda bolup geçen wakalaryň pidalarynyň ganlarynyň aryny almagyň milli gorag hasaplanýandygyny aýtdy.
Aşraf Gani sözüniň dowamynda, Respublikan sistemanyň ösüşi şeýledir welin, her bir prezident belli bir wagtdan soň gitmeli we milletiň islegini diňlemelidir diýdi.
Gani, şeýle hem, Talyban düýpli we syýasy çözgüdi saýlamaklyga oýlanmalydyr Sebäbi uruş we gan döküşik bu ýurduň meseleleriniň çözgüdi däldir diýdi.
Amerikan we onuň ýaranlary 2001-nji ýylda terrorçylyga garşy göreş we Owganystanda howpsuzlygy üpjün etmek bahanasy bilen Owganystana çozdylar we bu basyp alyşlyk urşa, dawa-jenjellere we Owganystanyň ykdysady infrastrukturasynyň weýran bolmagyna, howpyň, terrorçylygyň köpelmegine we neşe serişdeleriniň öndürilmegine sebäp boldy.
Owganystanyň halky we resmileri ABŞ goşunlarynyň öz ýurtlaryndan çykarylmagyny ençeme gezek talap etdiler.