May 27, 2021 15:27 Asia/Ashgabat
  • Putin: S-500 roketa goranyş ulgamy üstünlikli synag edildi

[Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin rus goşunyny döwrebaplaşdyrmakda we S-500 döwrebap raketa goranyş ulgamyny üstünlikli synagdan geçirmekde öňegidişligiň bolandygyny yglan etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Wladimir Putin S-500-iň taýýarlanyşy barada gürrüň gozgap, "Howa güýçlerinde bölümleriň takmynan 70 göterimi S-400 ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr, Indiki ädim S-500 ulgamyny işe almakdyr diýmek bilen "Bu ulgamyň synagy üstünlikli tamamlandy diýdi".

Şeýle hem Putin "kalibrli" kruiz raketalary we "Zirkan" adatdan daşary raketa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan gämileriň gurluşygyny yglan etdi.

Hasabata görä, S-500 ulgamynyň aşyp bilýän aralygy 600 km bolup, ABŞ-da öndürilen Tad ýaly Günbatar howa gorag ulgamlaryndan we Ysraýyl režiminiň ulgamyndan üç esse diýen ýaly köpräk ýoly aşýandyr.

Howa goranyş ulgamynyň 2022-nji ýylyň ikinji ýarymyndan öň işlemegine garaşylýar we S-500 raketalary kruiz we ulygyr aşýan ballistik raketalary saklap bilýändir.

Tags