Owganystanyň prezidentiniň ABŞ-a sapary
https://parstoday.ir/tk/news/world-i12186-owganystanyň_prezidentiniň_abŞ_a_sapary
Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani ABŞ-ly kärdeşi Jo Baýden bilen duşuşmak üçin Waşingtona delegasiýa ýolbaşçylyk edip sapar etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 25, 2021 21:18 Asia/Ashgabat
  •  Owganystanyň prezidentiniň ABŞ-a sapary

Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani ABŞ-ly kärdeşi Jo Baýden bilen duşuşmak üçin Waşingtona delegasiýa ýolbaşçylyk edip sapar etdi.

Jo Baýdeniň ýeňşinden bäri Owganystanyň prezidentiniň ABŞ-a ilkinji sapary, ABŞ goşunlarynyň Owganystandan doly çykarylmagyndan birnäçe hepde öň bolýandyr.

Prezident köşgüniň beýanynda ABŞ-nyň prezidenti  Jo Baýden we Kongres agzalary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin aýratyn duşuşyklar geçirer.

Aşraf Gani ABŞ-a saparynda birinji wise-prezident Amrullah Saleh, Ýokary milli ýaraşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah, Daşary işler ministri Muhammet Hanif Atmar, milli howpsuzlyk geňeşçisi Hamdollah Moheb hemralyk ederler.  

Aşraf Ganiniň ABŞ-a sapary Owganystanyň bu ýurduň wakalarynda möhüm meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan häzirki ýagdaýynda strategiki we iki esse möhüm hasaplanýar.

"Talyban" bilen Owganystanyň parahatçylyk prosesi häzirki wagtda dürli sebäpler, şol sanda toparyň düzülmedik talaplary sebäpli saklanýar.

Parahatçylyk gepleşikleriniň bes edilmegi bilen ,Talyban Owganystanyň dürli ýerlerinde söweşleri güýçlendirýär, we şäherleri basyp alýar.

Beýleki tarapdan, ABŞ-nyň goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagy içerki we halkara üns merkezinde bolan meseledir.

Owganystanyň içinde daşary ýurt goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagy meselesinde käbir ylalaşyk bar bolsa-da, ABŞ goşunlarynyň we Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) çykarylmagy Kabul we Waşington howpsuzlyk şertnamalarynyň çäginde doly jogapkär bolmalydyr.

2012-nji we 2014-nji ýyllarda iki ýurduň arasynda gol çekilen ABŞ-Owganystan Strategiki Hyzmatdaşlyk we Howpsuzlyk Hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna laýyklykda Ak tam yza çekilen wagty owgan goşunyna harby enjamlary tabşyrmagy wada berdi.  

Kabul bilen Waşingtonyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky iki resminamanyň aç-açan bolandygyna garamazdan, ABŞ hökümeti diňe bir owgan goşunyny enjamlar we ýaraglar bilen üpjün etmän, eýsem käbir bazalaryň gurluşygyny hem bozdy.  

 Soňky hepdelerde ABŞ-nyň goşunynyň Owganystandan goşunlaryny yzyna alandan soň harby enjamlaryny Pakistana geçirýändigi barada habarlar gelip gowuşdy.

Şeýle ýagdaýlarda Owganystanyň prezidentiniň ABŞ-a ýokary derejeli syýasy we howpsuzlyk delegasiýasynyň başynda eden sapary owgan goşunynyň Owganystandan jogapkärli çykarylmagynyň zerurdygyny nygtamakdy.