Owganystanyň ýokary Milli barlyşyk geňeşiniň başlygynyň Katara sapary
Aug 09, 2021 19:03 Asia/Ashgabat
Owganystanyň ýokary Milli barlyşyk Geňeşiniň başlygy Talyban bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky söweş wagtynda Katara gidýär.
Owgan ses gullugynyň (AVA) habaryna görä, Abdullah Abdullah goňşy ýurtlaryň wekilleri, şeýle hem ABŞ, Russiýa we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri bilen ertir, sişenbe güni Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşar.
"Talyban" ABŞ goşunlarynyň yza çekiljek senesini yglan edeninden bäri Owganystana gözegçiligini güýçlendirmek üçin tagallalaryny güýçlendirdi we häzirki wagtda ýurduň çäginiň köp bölegini kontrol astyna aldy.
Tags