Owganystan we ABŞ-nyň talaplarynyň galplygy
Talyban Owganystany ele geçirenden bir hepdeden gowrak wagt geçensoň, ABŞ-nyň prezidenti Ju baýden Owganystandaky goşunlaryny çykarmak kararyny esaslandyrjak bolýar.
Talyban Owganystany ele geçirenden bir hepdeden gowrak wagt geçensoň, ABŞ-nyň prezidenti Ju baýden Owganystandaky goşunlaryny çykarmak kararyny esaslandyrmak maksady bilen ABŞ-nyň Owganystandaky missiýasy bu ýurtda hiç wagt demokratiýa ýa-da erkinlik döretmek däldi diýip aýtdy.
Baýden,Owganystanyň çalt we doly agdarylmagynda Trump administrasiýasynyň Talyban bilen baglaşan şertnamasyna salgylanyp Trampy günäkärledi, we owgan howpsuzlyk güýçleriniň işine gynanç bildirdi; emma Baýden birnäçe hepde ozal bu owgan güýçleriň ýurdy gorap biljekdigini aýdypdy.
Baýdeniň aýdan sözleri, Owganystanyň goşunlary 2001-nji ýyldan bäri Owganystanda bolup, ýurdy goramagy, demokratiýany gurmagy we terrorçylyga garşy göreşmegi talap edipdi, ýöne indi 20 ýyl soň garaşylýanyndan tapawutlylykda Owganystany terk etdiler. Talyban tiz wagtdan Owganystany basyp aldy we şol ýerde mesgen tutdy .
Bu mesele Baýden we ABŞ-nyň daşary syýasaty üçin çynlakaý meselä öwrüldi. Hatda bir aý öň Baýden ABŞ-nyň dünýäniň beýleki enjamlaşdyrylan goşunlary ýaly tälim alan 300,000 güýçli owgan goşunynyň öňünde 75,000 Talyban agzasynyň hiç zat edipbilmejekdigini öňe sürdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň içindäki we daşyndaky syýasy işgärler bu ýagdaýy Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Owganystana bildirýän talaplary üçin uly kynçylyk diýip hasaplaýarlar.
“Trafalgar” topary tarapyndan geçirilen täze pikir soralyşykda Amerikalylaryň 69 göteriminiň Baýdeniň Owganystandan çykmak kararyndan nägileligi we bu hereketleriň diňe 23 göterimi oňlanýandygy anyklandy.
Halkara gatnaşyklary boýunça bilermen Abdul Latif Nazari: "Owganystandaky häzirki ýagdaýy göz öňünde tutup, ABŞ Owganystanda uly ýeňlişe sezewar boldy". "Talyban" Owganystanyň köp bölegini ele geçirdi we Waşingtonyň demokratiýalaşdyrmak syýasaty başa barmady diýip aýtdy.
Ynsan hukuklary, aýallaryň hukuklary, çagalar we azlyklar ýaly meseleler ABŞ-nyň hemişe gürleşýän we Owganystandaky pozisiýasyny gowulandyrmagy wada berýän iň möhüm meseleleriň biri boldy; Neşe serişdesi meselesi Amerikalylaryň Owganystanda bolmagynyň üsti bilen çözülendigini öňe sürdi, ýöne indi ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy bilen bu meseleler çynlakaý meselä öwrüldi. ABŞ harby güýçleriniň bu ýurda gelmegi bilen ,Owganystanda neşe serişdeleriniň ösdürilmegi 2001-nji ýyl bilen deňeşdirilende 17-40 esse artandyr.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Täze howplar we kynçylyklar bölüminiň başlygy Wladimir Taraberin "ABŞ goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagy Waşingtonyň neşe serişdelerine garşy meýilnamasynyň başa barmandygyny görkezýär" -diýdi.
Indi Waşington Owganystandan güýçlerini çykardy we ýurdy ýok etmekden we ýeňmekden başga zat galdyrmady we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu ýurt baradaky ähli şygarlary we ýalan talaplary paş bolandyr.