Taliban Milliardlarça Dollarlyk Amerikan Harby Enjamlaryny Ele Geçirdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13078-taliban_milliardlarça_dollarlyk_amerikan_harby_enjamlaryny_ele_geçirdi
Owganystanda ABŞ tarapyndan tälim berilen we ýarag bilen üpjün edilen owgan howpsuzlyk güýçleriniň çekilmegi sebäpli Talibanyň milliardlarça dollarlyk Amerikan harby ejamlaryny ele geçirendigi çaklanylýar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 22, 2021 16:35 Asia/Ashgabat
  • Taliban Milliardlarça Dollarlyk Amerikan Harby Enjamlaryny Ele Geçirdi

Owganystanda ABŞ tarapyndan tälim berilen we ýarag bilen üpjün edilen owgan howpsuzlyk güýçleriniň çekilmegi sebäpli Talibanyň milliardlarça dollarlyk Amerikan harby ejamlaryny ele geçirendigi çaklanylýar.

ABŞ-nyň mediasynyň ýygnan maglumatlaryna görä Talibanyň eline geçen enjamlaryň arasynda Blak Hawk dik uçarlary we A-29 Super Tukano hüjüm uçary hem bar.

Sosial mediada Taliban söweşijileriniň M4 karabinalary we M16 kysymly tüpeňler bilen Amerikan önümi Humwi we sowutly ulaglary bilen alynan fotosuratlary ýaýradylýar.

Bilermenler ýokary tehnologiýaly howa ulaglarynyň tälimsiz ulanylmagynyň mümkin däldigini beýan edýän bolsa, Talibanyň Amerikan enjamlaryny ele geçirmeginiň möhüm propoganda serişdesi bolup durýandygyna ünsi çekýärler.

Talibanyň eline geçen kiçi ýaraglar bolsa has uly alada döredýär.

ABŞ geçen 20 ýylyň dowamynda owgan howpsuzlyk güýçleriniň tälimi we enjamlar bilen üpjün edilmegi üçin 83 milliard dollar sarp etdi.

ABŞ-nyň Ýokary gözegçilik edarasynyň 2017-nji ýyldaky habarnamasyna görä 2003-2016-njy ýyllaryň aralygynda owgan güýçlerine 76 müň ulag, 600 müň ýarag, 163 müň kommunikasiýa enjamy, 208 howa ulagy berildi.

Owgan güýçleriniň geçen hepdäniň ahyrynda Kabuldan gaçmak üçin ulanan azyndan 46 howa ulagynyň Özbegistandadygy beýan edildi.

ABŞ bilen Talibanyň arasynda 2020-nji ýylyň fewral aýynda gazanylan ylalaşygyň çäginde, halkara harby güýçleriň Owganystandan çekilmek tapgyry başlapdy.

Owganystanyň hökümeti bilen Katarda gepleşiklerini dowam etdiren Taliban, şol bir wagtyň özünde iýun aýyndan bäri hüjümlerini artdyrypdy we Owganystanyň ençeme welaýat merkezini ele geçiripdi.

Näçe gün öň ýurdyň paýtagty Kabul şäherini gaban Taliban, Prezident Aşraf Ganiniň ýurdy terk etmegi we hökümet güýçleriniň Kabul şäherinden çekilmegi bilen ol ýerleri dolulygyna gözegçiligi astyna almaga başlapdy.