Mujahid: Panjşir meselesini çözmek üçin harby serişdeleri ulanmakdan başga alajymyz ýokdy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13300-mujahid_panjşir_meselesini_çözmek_üçin_harby_serişdeleri_ulanmakdan_başga_alajymyz_ýokdy
"Talybanyň" metbugat sekretary bu toparyň Panjşir meselesini gepleşikler we düşünişmek arkaly çözmäge synanyşandygyny, emma beýleki tarapyň boýun gaçyrandygyny aýtmak bilen, şonuň üçin bu meseläni harby ýollar arkaly çözmekden başga alaç galmady aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 06, 2021 13:13 Asia/Ashgabat
  • Mujahid: Panjşir meselesini çözmek üçin harby serişdeleri ulanmakdan başga alajymyz ýokdy

"Talybanyň" metbugat sekretary bu toparyň Panjşir meselesini gepleşikler we düşünişmek arkaly çözmäge synanyşandygyny, emma beýleki tarapyň boýun gaçyrandygyny aýtmak bilen, şonuň üçin bu meseläni harby ýollar arkaly çözmekden başga alaç galmady aýtdy.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä "Zabihullah Mujahid" duşenbe güni "Talyban" Panjşir welaýatyny ele geçirenden soň metbugat ýygnagynda Owganystandaky söweş gutardy we buýsançly Panjşir jülgesinde ýaşaýan adamlar bu ýurduň aýrylmaz bir bölegi bolar we beýleki owgan watandaşlarynyň ähli hukuklaryndan peýdalanarlar diýip yglan etdi.

Mujahid bu welaýatyň ähli işgärleriniň Panjşirden saýlanjakdygyny aýtmak bilen Owganystandaky häzirki ýagdaý barada gürrüň gozgap, howa menziliniň durkunyň täzelenmegi bilen birlikde ynsanperwer kömeginiň hem dowam etjekdigini we köp ýurtlar ezilen owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermäge söz berendiklerini aýtdy.

Zabihullah Mujahid, gümrük ýagdaýynyň kadaly ýagdaýa gelendigini, banklaryň açykdygyny we ýurduň walýutasynyň gymmatyny saklamakda möhüm rol oýnajak Şahzadeh öýüniň (Owganystanyň iň uly pul alyş-çalyş bazary) hemmeler üçin açykdygyny aýtdy.

"Talybanyň" metbugat sekretary Owganystanyň täze hökümetiniň döredilmegi barada şeýle diýdi: Hökümeti yglan etmek üçin has köp taýynlyk görüldi we diňe tehniki işler galdy we ýakyn günlerde reformalara, üýtgetmek we beýleki esasy ädimlere rugsat berjek wagtlaýyn hökümetiň yglan edilmegini göreris.