Owganystandaky gan döküşikligiň soňlanjakdygy baradaky wada
Owganystanyň wagtlaýyn premýer-ministri ýurtdaky gan döküşligiň bes ediljekdigini aýtdy.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä Owganystanyň Wagtlaýyn döwletiniň premýer-ministri Molla Muhammet Esen Ahund Al-Jazeera tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşlikde Yslam Emirliginiň (Talyban hökümeti) Owganystana gaýdyp gelendigini we Owganystanyň we dünýäniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin işlejekdigini aýtdy.
Owganystanyň täze premýer-ministri "Talyban" liderleriniň bu ýurdyň garşysynda uly jogapkärçilik we synag bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy. Taryhyň şu pursatynda köp ejir çekdik, emma Owganystanda gan döküşikli döwür gutardy diýdi.
Öňki owgan resmileriniň howpsuzlygyny kepillendirýän molla Esen Ahund bu şahsyýetleriň ýurda gaýdyp gelmeklerini isledi.
Düýn Owganystanyň wagtlaýyn döwlet agzalarynyň jedelli sanawynda Molla Muhammet Esen Ahund ýurduň premýer-ministri wezipesine bellendi.
"Talyban" 15-nji awgustda häkimiýete geçende, owgan halkynyň we öňki resmileriniň köpüsi ýurtdan gaçdylar.