Trump immigrantlara bihormatçylyk etdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13524-trump_immigrantlara_bihormatçylyk_etdi
Amerikanyň öňki prezident on müňlerçe immigrantyň bu ýurda gelmeklerine yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adam galyndylaryna öwrülip barýandygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 20, 2021 17:41 Asia/Ashgabat
  • Trump immigrantlara bihormatçylyk etdi

Amerikanyň öňki prezident on müňlerçe immigrantyň bu ýurda gelmeklerine yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adam galyndylaryna öwrülip barýandygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, "ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump" ýekşenbe güni eden çykyşynda: Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna immigrantlaryň gelmegi ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan iň uly krizisi bolup biler diýdi.

Ol şeýle hem sözüniň dowamynda ABŞ-nyň taryhynda iň köp bikanun daşary ýurtly raýatlar, ‌millionlarça bolup Amerika gelýärler diýdi.

ABŞ-nyň ozalky prezidenti ganhorlaryň, neşe söwdagärleriniň we jenaýatçylarynyň ähli görnüşlerinde bu immigrantlaryň esasy bölegini düzýändigini öňe sürdi.

ABŞ-nyň öňki prezidenti ýakynda 2020-nji ýyldaky saýlawda Demokratik bäsdeşi bolan Jo Baýdeni birnäçe şowsuzlyklar sebäpli gaty tankytlamak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Baýden-den has gowy ýolbaşçylyga laýykdygyny aýtdy.