"Talybanyň" Owganystanyň halkyna beren wadalaryny ýerine ýetirmezliginiň netijeleri barada duýduryş berilmegi
Syýasy aktiwist we Owganystanyň tanymal Hazara (şaýy) şahsyýetlerinden biri: Talyban topary Birtaraplaýynlyk syýasatyny dowam etdirse, ýaragly gozgalaň bilen ýüzbe-ýüz bolar diýip aýtdy.
"Muhammet Karim Halili" sözüniň üstüni ýetirip,eger-deTalyban topary" wadalaryny ýerine ýetirmese we zulumdan ýüz öwürmese "Hazarlylar bu topara ýaragly garşy çykarlar diýdi.
Halili şeýle-de"Talybanyň" wagtlaýyn kabinetiniň asla hemme toparlary öz içine almaýandygyny we bu prosesiň dowam etmeginiň beýleki güýçler we etnik toparlar üçin kabul ederlikli däldigini aýtdy.
Bu aralykda, "Talyban" düýn (sişenbe) birnäçe ministrlik baştutanyny we olaryň orunbasarlaryny hödürlemek bilen wagtlaýyn kabinetini tamamlady.
Talybanyň birtaraplaýyn syýasatyny dowam etdirmegiň netijeleri, şol sanda beýleki etnik toparlaryň Owganystanyň syýasy geljegine gatnaşmazlygy baradaky Owganystanyň görnükli syýasy eksperti Muhammet Karim Haliliniň duýduryşy, ýurtdaky dürli toparlaryň Talybanyň syýasatlaryna çynlakaý garşylygynyň alamatydyr.
"Talyban" 15-nji awgustda Kabuly ele geçirenden birnäçe gün soň, özbekler, täjikler we hazaralar ýaly ähli owgan taýpalarynyň gatnaşmagynda öz içine alyjy hökümet gurmagy wada beripdi, emma toparyň kabineti gurulmagyndan soň, Talyban wadasynda tapylmady we ministrleriň hemmesi bir taýpadandygy belli boldy.
Şeýle şertlerde Owganystandaky ähli etnik toparlar kabinetde bolmaklaryny isläp,Talybana garşy çykyş edýärler ,emma şu wagta çenli bu topar bu protestlere üns bermedi.
"Talyban" ýakyn birnäçe aýyň içinde Owganystanyň esasy kabinetini yglan ediljekdigini aýtdy we bu bolsa bu toparyň häzirki hökümetdäki käbir wezipelerini beýleki etnik topara geçirmek mümkinçiligini ýokarlandyryp biljekdigini görkezýär.
Her halda"Talyban" Owganystanyň geljeginde häkimiýetdäki totalitarizmi terk edendiklerini we uruşdan soňraky döwürde ähli etnik toparlaryny dolandyryşa goşmak wadalaryny subut etmelidirler.