“Biz Dünýä Bilen Edilýän Gatnaşyklarda Täze Sahypa Açmak Isleýäris”
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13718-biz_dünýä_bilen_edilýän_gatnaşyklarda_täze_sahypa_açmak_isleýäris
Owganystanda Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň Daşary işler ministriniň wekili Emirhan Muttaki, diplomatik wekiller üçin ministrlikde banket berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 02, 2021 07:23 Asia/Ashgabat
  • “Biz Dünýä Bilen Edilýän Gatnaşyklarda Täze Sahypa Açmak Isleýäris”

Owganystanda Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň Daşary işler ministriniň wekili Emirhan Muttaki, diplomatik wekiller üçin ministrlikde banket berdi.


Owganystanda Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň Daşary işler ministriniň wekili Emirhan Muttaki, paýtagt Kabulda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilleri bilen duşuşdy.
Taliban tarapyndan berlen beýannama görä, Muttaki diplomatik wekiller üçin ministrlikde banket berdi.

Bankede Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň Wise-premýeriniň wekili Abdulgani Birader hem gatnaşdy.

Daşary işler ministriniň wekili Muttaki banketde eden çykyşynda, Kabulda käbir ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň öz işini dowam etdirmeginden hoşaldyklaryny aýtdy.
Daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň öz işini dowam etdirmegini isleýändiklerini aýdan Muttaki, daşary ýurtly wekilleriň howpsyzlygynyň goralyp saklanmagyna uly ähmiýet berýändiklerini ýatlatdy.
Muttaki, Owganystandaky syýasy çalşykdan soň ýurda ynsanperwer kömegini beren ýurtlara hem sagbolsun aýtdy.
Muttaki “Biz ýurtda täze hökümet ulgamyny gurup dünýä bilen edilýän gatnaşyklarda täze sahypa açmak isleýäris” diýdi.
Dünýä ýurtlary bilen özara bähbide laýyklykda gatnaşyk etmek isleýändiklerini aýdan Muttaki, ähli ýurtlaryň Owganystanda başladan we ýarym galan taslamalaryny tamamlamaklaryny isleýändiklerini we Talibanyň bu meselede degişli goldawy bermäge taýardygyna ünsi çekdi.
Abdulgani Birader hem banketde eden çykyşynda “Biziň hiç kim bilen hiç hili kynçylygymyz ýok. Eger biziň bilen haýsydyr bir kynçylygy bolan bar bolsa ony hem gepleşik arkaly çözmäge taýar. Biziň hökümetimiziň haýsydyr bir ýurda garşy syýasaty ýok” diýdi.
Bankede Türkiýäniň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jihad Erginaý hem gatnaşdy.
15-nji awgustdan bäri Owganystanda ,häkimiýeti ele geçiren “Talyban” häzirki wagtda beýleki ýurtlar, esasanam Günbatar hökümetleri tarapyndan ykrar edilmezlik meselesine duçar bolupdur.
"Talybanyň resmileri ,bu toparyň hükümetiniň ykrar edilmezligiň möhüm netijeleriniň biri, Daşary ýurt hyzmatdaşlygyna we serhetaşa gatnaşyklara çynlakaý çäklendirmelere sebäp boljakdygyny bellemekleri bilen, Bu meseläň Owganystanyň sebitleýin ýa-da halkara bazarlaryndan talaplaryny kanagatlandyrmagyna ýaramaz täsiri goýjakdygyny aýtdylar.