Imran Han ABŞ-nyň Owganystandaky imperialistik syýasatyny tankytlaýar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13778-imran_han_abŞ_nyň_owganystandaky_imperialistik_syýasatyny_tankytlaýar
Päkistanyň premýer-ministri Owganystandaky krizisiň esasy sebäbini ABŞ-nyň bu ýurtdaky imperialistik syýasaty hasaplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 06, 2021 07:41 Asia/Ashgabat
  • Imran Han ABŞ-nyň Owganystandaky imperialistik syýasatyny tankytlaýar

Päkistanyň premýer-ministri Owganystandaky krizisiň esasy sebäbini ABŞ-nyň bu ýurtdaky imperialistik syýasaty hasaplady.

Päkistanyň premýer-ministri Owganystandaky krizisiň esasy sebäbini ABŞ-nyň bu ýurtdaky imperialistik syýasaty hasaplady.

Pakistanyň premýer-ministri Imran Han sözüniň dowamynda ,Owgan meselesiniň hiç hili harby çözgüt ýoly ýokdyr we bu bolsa ilkibaşdan biziň syýasatymyzdy diýmek bilen, ýöne ABŞ-nyň tekepbirlikli we imperialistik garaýşy we Owganystandaky ýagdaýy bilmezligi häzirki ýagdaýyň sebäbidir diýip nygtady."

Päkistanyň premýer-ministri şeýlede, ABŞ-nyň Owganystany basyp almagyndan soň, şol ýurtda gan döküşikli wakanyň başlandygyny we şondan soňra hem "Talyban" toparynyň peýda bolandygyny aýtdy.

Imran Han: "Kabul ýykylansoň,  Talybany resmiýete tanamak barada olar bilen maslahatlaşdyk diýip,emma bu meselede  goňşularyň hemmesiniň bir pikire gelmeginiň örän täsir ediji bojakdygyny nygtady.

ABŞ-nyň,Owganystanda Demokratiýanyň ýola goýulmagy we  bu ýurtda terrorçylyga we neşe serişdelerine garşy göreş baradaky talaplarynyň tersine, onuň imperialistik çemeleşmesi we birtaraplaýyn syýasaty sebäpli ýigrimi ýyla golaý basyp alyşlygy şowsuzlyga uçrandyr.

Soňky iki onýyllykda Owganystanyň bähbitlerine we milli howpsuzlygyna aç-açan garşy gelýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň weýrançylykly syýasatlary owgan halkynyň köp ejirçekmegine sebäp bolandyr. 
Gynansagam, Ak tamyň harby gurallara gönükdirilenen ekstremizme garşy göreşmek baradaky şowsuz meýilnamalarynda tutanýerliligi Owganystanyň infrastrukturasynyň köp bölegini weýran edendir.