Guterres dünýäni Owganystany krizisleri ýeňip geçmekde goldamaga çagyrdy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13862-guterres_dünýäni_owganystany_krizisleri_ýeňip_geçmekde_goldamaga_çagyrdy
Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Owganystandaky dürli krizisler Owganystandaky azyndan 18 million adama täsir etjekdigine yşarat edip Owganlara bu tupany ýeňip geçmäge kömek etmesek, diňe bir owganlylar däl, eýsem bütin dünýä agyr çykdajy eder diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 12, 2021 12:51 Asia/Ashgabat
  • Guterres dünýäni Owganystany krizisleri ýeňip geçmekde goldamaga çagyrdy

Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Owganystandaky dürli krizisler Owganystandaky azyndan 18 million adama täsir etjekdigine yşarat edip Owganlara bu tupany ýeňip geçmäge kömek etmesek, diňe bir owganlylar däl, eýsem bütin dünýä agyr çykdajy eder diýdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Antonio Guterres duşenbe güni ýerli wagt bilen habarçylar bilen söhbetdeşlikde Birleşen Milletler Guramasynyň maddy-tehniki kynçylyklara garamazdan Owganystana ynsanperwer kömegini berýändigini aýtmak bilen diňe Sentýabr aýynda Owganystanda 3 million 8 ýüz müňden gowrak adam azyk kömegini aldy diýdi.

Ol sözüni dowam etdirdi: Geçen hepde Owganystanda 10,000 adam bejergi aldy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Kabulda iki sany täze korona barlaghanasyny döretdi diýip yglan etdi.

BMG-nyň Baş sekretary Talyban awgust aýynda Owganystany ele geçirmezden ozal, soňky 20 ýylda daşary ýurt kömegi bilen ýurduň gowşak ykdysadyýetine gurakçylygyň we korona wirusynyň täsir edendigini aýtmak bilen bu ýurduň ykdysadyýetiniň çökmeginiň öňüni almak üçin elimizden gelenini etmelidiris diýip beýan etdi.