Oct 22, 2021 15:15 Asia/Ashgabat
  • Putin: Hizbollah Liwanda möhüm syýasy güýçdir

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin penşenbe güni agşam öz ýurdunyň Hizbollahy Liwanda möhüm syýasy güýç hasaplaýandygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň prezidenti ýurtlaryň Hizbollaha bolan garaýşynyň üýtgeýändigini aýtmak bilen ýöne Moskwa bu topary Liwanda möhüm syýasy güýç hasaplaýar diýdi.

Putin şeýle-de Orsýetiň Liwanda howpsuzlygy, durnuklylygy we parahatçylygy goramak üçin ähli Liwanly syýasy toparlary bilen işleşýändigini aýtdy.

Şeýle hem Orsýetiň prezidenti, öz ýurdunyň Liwanda bir topara beýlekisine garşy goldaw berip bilmejekdigini, sebäbi munuň Liwan partiýalarynyň arasyndaky parahatçylyga ters täsir etjekdigini aýtdy.

Putin sözüniň soňunda Liwan toparlarynyň arasynda ylalaşyk üçin gapma-garşylyksyz umumy pikir döretmek bu Orsýetde biziň üçin gaty möhüm bolar diýip beýan etdi.

Tags