Hytaýyň, Baýdene maslahaty
(last modified Sun, 24 Oct 2021 05:55:10 GMT )
Oct 24, 2021 10:55 Asia/Ashgabat
  • Hytaýyň, Baýdene maslahaty

Hytaý hökümeti ,ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Taýwan barada eden soňky sözlerine jogap edip, ony has seresap bolmaga çagyrdy we Pekiniň hökümetiniň özygtyýarlylyk we territorial bitewilik ýaly esasy bähbitlerine eglişik etmejekdigini aýtdy.


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýakynda Hytaýyň Taýwana garşy harby hüjümi bolan halatynda ABŞ-nyň goşunynyň Taýwany goramaga taýýardygyny habar berdi 
Bu aralykda, Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Waşington administrasiýasyna adany söweşiň düýbüne çekmek barada duýduryş berdi. Hytaý Taýwany öz çäginiň aýrylmaz bölegi hasaplaýar we iki ulgamly bir ýurduň syýasatyna esaslanyp, Gonkong we Makao ýaly Taýwany hem öz topragyna birikdirmäge synanyşýar.soňky ýyllarda Hytaýyň ,Amerikanyň  dünýädäki agalyk etmegine howp abandyrmagy bilen ABŞ Taýwan adasy bilen harby hyzmatdaşlygyny artdyrmak arkaly Hytaýa edýän basyşyny artdyrýar.  Şeýle-de bolsa, ABŞ ,Pekin bilen halkara meselelerinde hyzmatdaşlyk etmegi aýryp bilmez.
ABŞ-nyň syýasy hünärmeni Frederik Kamp bu hakda:ABŞ-nyň Hytaý bilen köp ölçegli gatnaşyklary,  häzirki we ýakyn geljekde dünýä meseleleriniň her tarapyna täsir eder we Şonuň üçin taryhy taýdan özboluşly ähmiýete eýedir diýip aýtdy.
Jo Baýdeniň Hytaýyň Taýwana garşy islendik harby hüjümi barada duýduryş bermegine garamazdan, ABŞ Hytaýa harby taýdan garşy durmak niýetiniň ýokdugyny görkezýär. Amerikanyň söweş uçaryny Hytaýyň öz topragyna gondyrandan soň,bu uçary söküp we dargadyp ABŞ-nyň goşunyna tabşyrmagy bilen Hytaýyň ABŞ-nyň goşunynyň kemsidilmegini Halkara jemgyýetçiligi ýatdan çykarandäldir.  
Her halda, Hytaý ABŞ bilen ykdysady bäsdeşlikde käbir meseleler eglişik etsede, ABŞ-nyň Taýwany hem içine alýan territorial bähbitlerine edýän basyşyna boýun bolmaz. Şol sebäpli Taýwany adasynyň hökümeti hem adanyň garaşsyzlygynyň yglan edilmegi meselesinde gaty seresaplydyr we şu wagta çenli ABŞ-nyň hökümetiniň goraýjy syýasaty hem peýdaly bolandäldir.

Tags