Talyban: ABŞ Owganystanyň bloke edilen emläklerini gysga wagtda azat etsin
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14186-talyban_abŞ_owganystanyň_bloke_edilen_emläklerini_gysga_wagtda_azat_etsin
Owganystandaky Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň maliýe ministrligiň metbugat sekretary ABŞ-ny bu ýurduň bloke edilen emläklerini gysga wagtda azat edmäge çagyrdy we bu pullaryň owgan halkyna degişlidigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 01, 2021 12:13 Asia/Ashgabat
  • Talyban: ABŞ Owganystanyň bloke edilen emläklerini gysga wagtda azat etsin

Owganystandaky Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň maliýe ministrligiň metbugat sekretary ABŞ-ny bu ýurduň bloke edilen emläklerini gysga wagtda azat edmäge çagyrdy we bu pullaryň owgan halkyna degişlidigini aýtdy.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, "Ahmad Wali Hakmal" şu gün: Eger bu emläkler boşadylmasa, Owganystandaky garaşylýan gumanitar krizis üçin halkara jemgyýetçiligi we esasanam ABŞ jogapkär bolar diýdi.

Owganystandaky Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň maliýe ministrligiň metbugat sekretary bu emläkleriň bloke edilmeginiň dowam etdirilmeginiň halkara hukugyna we owgan halkyna zulum hasaplamak bilen owgan pullarynyň ABŞ tarapyndan şertsiz boşadylmagyny isledi.

Owganystandaky Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň işgärleri we owgan halky ABŞ tarapyndan petiklenen serişdeleriň boşadylmagyny birnäçe gezek talap etdiler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaňy-ýakynda Owganystanyň emläklerini we ABŞ-nyň banklaryndaky altyn ätiýaçlyklaryny doňduryp, owgan halkynyň işewürligine we eklenç durmuşyna täsir galdyrandyr.