Pakistanyň Kabuldaky ilçisi Owganystanda raýat urşy barada duýduryş berdi
Pakistanyň Kabuldaky ilçisi Owganystandaky raýat urşy barada duýduryş berdi
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, "Mansur Ahmad Han" şu gün duşenbe güni: Owgan taraplary giňişleýin hökümeti gurmakda we Owganystanda parahatçylygy berkarar etmekde üstsnlik gazanmasalar, bu ýurtda raýat urşy howpy bar diýdi.
Pakistanyň Owganystandaky ilçisi, ýaragly söweşiň Owganystanda dört onýyllykdan gowrak wagt bäri parahatçylyga goşant goşmandygyny belläp: Bu ýurtda bir giňişleýin döwletiň berkarar bolmagy üçin syýasy mehanizm döretmek Owganystanda parahatçylygy döreder diýdi.
Golaýda Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi Owganystanda giňişleýin hökümet gurmagyň zerurdygyny aýtmak bilen şeýle hökümetiň döredilmegi we halkyň ähli gatlaklarynyň hökümetde bolmagy Owganystany halkara jemgyýetçiligi üçin ygtybarly hyzmatdaş edip biler diýdi.
15-nji awgustdan bäri Owganystanda häkimiýet başynda bolan Talyban 7-nji sentýabrda wagtlaýyn hökümet agzalarynyň atlaryny yglan etdi. Talyban tarapyndan hödürlenen ministrler içerki oppozisiýa we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan tankyt edildi. Tankytçylar täze kabinetiň düzüminiň Talybanyň giňişleýin hökümet wadasyna ters gelýändigini aýdýarlar.