Kureşi: Owganystanyň ykdysady çökmegini hiç kim islemeýär
Pakistanyň daşary işler ministri Yslamabatda geçirilen Troika ýygnagynda hiç kim Owganystanyň ykdysady çökmegini islemeýär diýdi.
Owganystanyň (AVA) habarlar gullugynyň habaryna görä, Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi penşenbe güni Yslamabatda Troika ýygnagynyň başynda eden çykyşynda hiç kimiň Owganystanyň raýat urşuna gaýdyp gelmegini islemeýändigini aýtdy.
Kureşi: Hemmeler Owganystandaky täze bosgun krizisiniň öňüni almagyň yzndadyr diýmek bilen hemmeler Owganystanyň içindäki terrorçy elementlere netijeli garşy göreşmek isleýärler diýdi.
"Troika Plus" sammiti penşenbe güni Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Pakistan, Hytaý, Russiýa we ABŞ-nyň wekilleri bilen başlandy.
Duşuşyga gatnaşanlar Talybana giňişleýin dňwlet gurmak, aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak we terrorçy toparlaryň Owganystanyň territoriýasyny beýleki ýurtlara garşy ulanmagynyň öňüni almak ýaly borçnamalaryny ýerine ýetirmäge basyş etmek üçin iş alyp barýarlar.