Talyban: Aýal-gyzlaryň bilim almagy bilen baglanyşykly problemamyz ýok
Talyban, bilimiň Owganystandaky aýallaryň aýrylmaz yslam we kanuny hukugydygyny aýtdy.
Owganystanyň (AWA) habar gullugynyň beren habaryna görä, Talybanyň bilim ministrliginiň wezipesini ýerine ýetiriji Noorullah Munir: Owgan gyzlarynyň hemmesini mekdebe gaýtaryp getirmek boýunça işler alnyp barylýar diýdi.
Muniriň aýtmagyna görä, Owganystanda aýal-gyzlaryň bilim almagy üçin bir meýilnama bolmaly we yslam jemgyýetinde bilim almak yslam çäginde amala aşyrylmalydyr.
Talybanyň bilim ministrliginiň başlygy: Dini ýolbaşçylar we alymlar Owganystandaky aýal-gyzlary owgan medeniýetine we yslam kanunlaryna laýyk gelmegi üçin giňişleýin meýilnama üstünde işleýärler diýdi.
Talybanyň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid ozal "Talybanyň" aýallar üçin has täsirli we işjeň dolandyryşy goldaýandygyny aýdypdy.