Nov 25, 2021 16:04 Asia/Ashgabat
  • Talyban: Amerikanyň Içalyçylyk guramasy Owganystany bölmek isleýär

Talybanyň Owganystandaky uly agzasy ABŞ-nyň Içalyçylyk guramasynyň (CIA) ýurdy dargatmak we bölmek isleýändigini aýtdy.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Owganystandaky Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Sirajuddin Hakkanyň dogany we uly agzasy Anas Hakkani penşenbe güni Owganystandaky söweşde ABŞ-ny günäkärlemek bilen Amerikanyň Içalyçylyk guramasynyň ýurdy bölmäge synanyşýandygyny aýtdy.

Anas Hakkani şeýle-de, Owganystandaky häzirki krizisiň esasy sebäbiniň ABŞ bolandygyny aýtdy.

Amerikan goşunlary 20 ýyllap Owganystany basyp alandan we ykdysady düýp gurluşyklaryny weýran edenden soň awgust aýynyň ahyrynda Owganystany masgaraçylykda, biabraýçylykda we ýeňlişe sezewar bolup terk etdi. Talyban 15-nji awgustdan bäri Owganystanda-da häkimiýet başyndadyr.

Tags