ABŞ-da Sanjymsyzlar Üçin Agyr Keselli we Ölümli Gyş
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14846-abŞ_da_sanjymsyzlar_Üçin_agyr_keselli_we_Ölümli_gyş
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak Tamda Kowid-19 boýunça utgaşdyryjy topar bilen duşuşdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 19, 2021 07:29 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-da Sanjymsyzlar Üçin Agyr Keselli we Ölümli Gyş

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak Tamda Kowid-19 boýunça utgaşdyryjy topar bilen duşuşdy.


ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ähli amerikalylary koronawirusa garşy sanjymlarynyň ýatlatma dozasyny etdirmäge çağyryp, sanjymsyz galanlar üçin agyr keselli we ölümli gyşyň başdan geçiriljekdigini duýdurdy.

Jo Baýden Ak Tamda Kowid-19 boýunça utgaşdyryjy topar bilen duşuşdy. Baýden metbugata beren beýanatynda “sanjym etdiren bolsaňyz ýa-da sanjym etdirseňiz, agyr keselden we ölümden goranarsyňyz” diýdi.

Baýden; “Edýän başlangyçlarymyz sebäpli “Omikron” warianty adatdatça bolmalysy ýaly çalt ýaýramady, emma indi bäri geldi we ýaýraýar, köpeler” diýdi.

Sanjymsyzlar üçin agyr keselli we ölümli gyşa garaşýandyklaryny beýan eden Baýden, noýabr aýynyň ahyrynda anyklanan wariantyň ýüze çykan sekiz Afrika ýurduna uçuşlaryn bes edilendigini nygtady.

Ýurtda ýokançlaryň jemi 3 göterimini “Omikron” warianty emele getirýär.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndaky saglygy goraýyş işgarleri “Omikronyň” şu ýyl ABŞ-daky koronawirus sebäpli çekilen adam pidalaryndaky artyşdan jogapkär saýylan “Delta” wariantyndan has çalt ýokaşýandygyny pikir edýärler.

Şonuň bilen birlikde görkezijiler “Omikronyň” simptomlarynyň has ýenildiğini görkezýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň täze görnüş koronawirus boýunça Tehniki toparyň ýolbaşçysy Maria Wan Kerkowe pandemiýanyň 2022-nci ýylda gutarcakdygyna “iňňän umyt bilen” garaýandygyny aýtdy.
Kowid-19 pandemiýasy we täze warianty “Omikron” hakyndaky soraglara cogap beren Kerkowe; “2022-nci ýylyň Kowid-19-yň gutarcak ýyly bolcakdygyna doly ynanýaryn” diýdi.

BSGG-nyň wekili “Omikron” wariantynyň tapawutly ilatlarda nähili ýaýraýandygyny, kesellilerde warianta garşy tapawutly immunitet ulgamlarynyň nähili ýüze çykýandygyny, öňki wariantlar bilen deňeşdirip selcerýändiklerini aýtdy.