Owganystandaky häzirki ýagdaý üçin ABŞ we NATO jogapkärdir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14954-owganystandaky_häzirki_ýagdaý_üçin_abŞ_we_nato_jogapkärdir
Hytaý hökümeti Owganystandaky häzirki ýagdaý üçin ABŞ-ny we Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasyny (NATO) günäkärledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 27, 2021 10:33 Asia/Ashgabat
  • Owganystandaky häzirki ýagdaý üçin ABŞ we NATO jogapkärdir

Hytaý hökümeti Owganystandaky häzirki ýagdaý üçin ABŞ-ny we Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasyny (NATO) günäkärledi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary žao Lijian ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystanda eden işleri barada oýlanmalydygyny we bu ýurduň serhetaşa emläklerini gysga wagtda boşatmalydygyny aýtdy.

žao Lijian Owganystana ynsanperwer kömegini bermäge mümkinçilik berýän 2615-nji rezolýusiýanyň kabul edilmegine ünsi çekip: Owganystanyň dostlukly ýurdy hökmünde Hytaý bu ýurduň gumanitar ýagdaýyny yzarlaýandyr we ykdysady we durmuş meselelerini dürli ýollar bilen çözmekde hyzmatdaşlyga taýyndyr diýdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystana gumanitar kömek bermekde konstruktiw rol oýnamalydygyny aýtdy.

Žao Lijian şeýle-de geçen awgustdan bäri Owganystanda düýpli üýtgeşmeleriň bolup geçendigine we bu ýurtda 39 million adamyň gumanitar krizise sezewar bolýandygyna düşünmelidiris diýip sözlerine goşdy.