Baýden Bilen Putin Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Ukraina meselesiniň başda durmagynda özara gatnaşyklarda soňky döwürde dartgynlyga sebäp bolan ugurlar hakynda pikir alyşdy.
Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Psaki, Baýden bilen Putiniň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.
Psaki 50 minut dowam eden telefon söhbetdeşligi barada ýazmaça beýannama berdi.
Beýannama görä, Baýden, Ukraina meselesinde dartgynlygy gowşatmagy üçin Putine çagyryş berdi.
Beýannamada “Prezident Baýdeniň, Russiýanyň Ukraina harby operasiýa guran halatynda ABŞ bilen hyzmatdaşlarynyň degişli jogaby berjekdigine ünsi çekendigi” nygtaldy.
Beýannamada Baýdeniň 10-njy ýanwarda başlajak ABŞ-Russiýa howpsyzlyk gepleşiklerine we NATO bilen Russiýanyň arasyndaky dialog etabyna uly ähmiýet berýändigi bellenildi.
Kreml tarapyndan hem Putin bilen Baýdeniň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada beýannama berildi.
Beýannamada, Baýdeniň Ukrainaky dartgynlyk möwjän halatynda Russiýa garşy berk sanksiýa goýmak alternatiwine garşy rus tarapynyň “Bu uly ýalňyşlyk bolar hatda Rus-Amerikan gatnaşyklarynyň dolulygyna bes edilmegi howpy ýüze çykar” diýip jogap berendigi ýatladyldy.
Beýannamada, liderleriň birek-biregi täze ýyly bilen gutlandygy we umuman alnanda telefon söhbetdeşliginiň içgin ýagdaýda geçendigi we iki tarap üçin hem peýdaly bolandygy bellenildi.
Putin bilen Baýdeniň arasyndaky telefon söhbetdeşligi soňky hepdelerde Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanan döwründe bolup geçdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, NATO-nyň ýaranlary we Günbatarçyl Ukraina bilen bilelikde Russiýany Ukraina hüjümine taýýarlyk görmekde aýyplaýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary Ukrainanyň serhedinde rus goşunlarynyň bolmagy bu ýurda howp salýandygyny we Putiniň Ukraina hüjüm etmek isleýändigini öňe sürýärler, Moskwa bolsa Ukraina bilen serhetdäki harby hereketleriniň kadalydygyny birnäçe gezek aýtdy.