ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ýadro şertnamasy baradaky täze toslamasy
Amerikanyň Daşary işler ministri rus kärdeşi bilen duşuşandan soň, Waşingtonyň ýadro şertnamasyndan bikanun çekilendigini agzamazda ýaradro şertnamasy barada täze toslamalary öňe sürdi.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken anna güni Žewada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerden soň ýadro şertnamasyna gaýdyp barmak üçin heniz pursatyň bardygyny aýtmak bilen ýöne ýakyn birnäçe hepdäniň dowamynda Wena gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylmasa, bu ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek mümkin bolmaz diýdi.
Blinkeniň bu toslamalary bir ýagdaýdadyr welin, ABŞ ýadro ylalaşygy başlandan bir ýyl soň ýadro şertnamasyny bozup özüniň hyýanatçylykly hereketlerini başlandyr we 2018-nji ýylda bolsa ýadro şertnamasyny bikanun terk edendir.
Sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleriň sekizinji tapgyry 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda başlandy we gepleşikçiler pikirleri sözlere we sözlemlere öwürýärler.
Sanksiýalaryň ýatyrylmagyny we Eýranyň nygtaýan kepilliklerini üpjün etmek Wena gepleşikler prosesinde iki möhüm meseledir.
Günbatar ýurtlaryň tersine Russiýa we Hytaý gepleşiklerde Eýranyň paýhasly talaplaryny goldaýarlar.