Talyban Amerika duýduryş berdi
Talybanyň içeri işler ministri Amerikanyň Birleşen Ştatlary hökümetimizi ykrar etmekden ýüz öwürse, biz oňa haýbat atmagy dowam etdireris diýdi.
Talybanyň içeri işler ministri "Sirajuddin Hakkani" "Al Jazeera" habar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlary olary ykrar etmese, bu ýurda abanýan howp täzeden başlar diýdi.
Hakkani ABŞ Talybany tanamakdan ýüz öwürmek bilen Owgan halkyna garşy duşmançylyk derwezelerini açyk saklaýar diýdi.
Talybanyň içeri işler ministri ABŞ-nyň Talybana garşy alyp barýan syýasatyny tankytlamak bilen Waşington halkara jemgyýetçiliginiň biziň bilen aragatnaşyk saklamagynyň öňüni alýar we bu kabul ederliksizdir diýdi.
Hakkaniň bu sözleri bir ýagdaýdadyr welin dünýä Talybanyň giňişleýin döwleti gurmak, aýal-gyzlaryň hukuklaryna hormat goýmak, terrorçylyga garşy göreş we al-Kaýda ýaly terrorçylyk toparlary bilen hyzmatdaşlygyň bes edilmegi ýaly Talybany ykrar etmegi üçin şertler goýandyr.