UNISEF owgan çagalarynyň ýagdaýy barada duýduryş berdi
(last modified Wed, 09 Feb 2022 10:36:22 GMT )
Feb 09, 2022 15:36 Asia/Ashgabat
  • UNISEF owgan çagalarynyň ýagdaýy barada duýduryş berdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (UNISEF) Owganystanda bir million çaganyň azyk ýetmezçiligi sebäpli ölüp biljekdigi barada ýene bir gezek duýduryş berdi.

Köp halkara we gumanitar guramalar owgan halkynyň ýagdaýy barada duýduryş berdiler. Bu duýduryşlara garamazdan Amerikanyň Birleşen Ştatlary Talybanyň häkimiýete gelmegi bahanasy bilen ele salnan emläklerini boşatmak islemeýär. UNISEF-iň Germaniýa boýunça müdiri Kristian Şnaýder 5-nji fewralda Owganystana eden saparyndan soň owgan halkynyň gumanitar betbagtçylyga duçar bolandygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, UNISEF çarşenbe güni Owganystandaky ýiti iýmitlenmezlik sebäpli çagalaryň ölmek ähtimallygy barada ýene bir gezek duýduryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres 11-nji fewralda owgan halkynyň ýarysynyň açlyk çekýändigini yglan etmek bilen Owganystanyň howsala düşendigini aýtdy. BMG-nyň Baş sekretary duýduryşyny gysga wagtda Owganystana nagt kömekleri etmeklige çagyrdy.

Tags