Orsýet ABŞ-a Ukraina ýarag satmagy barada duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15602-orsýet_abŞ_a_ukraina_ýarag_satmagy_barada_duýduryş_berdi
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary ABŞ-a Ukraina ýarag söwdasy barada duýduryş berdi.
(last modified 2022-02-09T17:02:25+00:00 )
Feb 09, 2022 22:02 Asia/Ashgabat
  • Orsýet ABŞ-a Ukraina ýarag satmagy barada duýduryş berdi

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary ABŞ-a Ukraina ýarag söwdasy barada duýduryş berdi.

Orsýet bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlan wagtynda ABŞ ýaraglaryny we goşunlaryny Gündogar Ýewropa we Orsýet serhedine ýakynlaşdyrýar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Orsýetiň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow çarşenbe güni Moskwada guralan metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň Ukraina ýarag satmagy syýasy çözgüt we krizisiň diplomatik çözgüdi mümkinçiligini azaldar diýdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary Orsýetiň Ukraina çozmagy ähtimal bahana bilen Orsýet-Ukraina serhedine köp sanly ýarag we goşun ýerleşdirdi, emma Moskwa bu aýyplamalary ençeme gezek ret edip, olary NATO-nyň Ukrainany basyp almagy üçin bahana diýip atlandyrdy.