Feb 11, 2022 19:53 Asia/Ashgabat
  • NATO Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder

Ýens Stoltenberg, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Stoltenberg mesele hakynda beren beýannamasynda, Zelenskiý bilen Russiýanyň Ukraina serhedindäki harby hereketligi hakynda pikir alyşandygyny belledi.

Stoltanberg “NATO, Ukraina goldaw bermäge dowam eder” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýa dartgynlygyň gowşamagy we krizisiň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berýändiklerini belledi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Günbatarly ýurtlar bilen howpsyzlyk kepilligi meselesindäki gepleşikleriň dowam edýändigini nygtap, “NATO we Waşingtona beriljek jogaplary taýarlanýarys” diýdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew paýtagt Moskwada Kremlde bolan duşuşgykdan soň metbugata beýannama berdi.

Putin beýannamasynda, Günbatarly ýurtlar bilen howpsyzlyk kepilligi meselesindäki gepleşikleriň dowam edýändigini nygtap, “Ýewropaly we Amerikaly hyzmatdaşymyz bilen gepleşikler açyk we ýapyk görnüşinde dowam edýär. “NATO we Waşingtona beriljek jogaplary taýarlanýarys” diýip belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg we Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian bilen Russiýa-Ukraina krizisi hakynda pikir alyşdy.

Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs beren ýazmaça beýannamasynda, Blinkeniň NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg we Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian bilen gepleşik geçirendigini mälim etdi.

Praýs, Blinkeniň Stolteberg bilen Russiýa-Ukraina krizisine garşy ABŞ-nyň ýaranlary bilen birlikde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek meselesi hakynda pikir alyşandygyny belledi.

Praýs “Blinken, ABŞ-nyň Ukraina garşy harby hüjüm guralan halatynda Russiýa garşy gyssagly çäre görmäge taýardygyna ünsi çekdi. Döwlet sekretary Bliken bilen NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg, Russiýanyň dartgynlygy gowşatmagy üçin tagalla edilmegi bilen birlikde ABŞ-nyň we hyzmatdaşlarynyň NATO-nyň gündogar ganadyny güýçlendirmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdy” diýdi.

Praýs, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Driany hem NATO agza ýurtlaryň, ÝB-niň we G-7 ýurtlarynyň Russiýanyň Ukraina serhedindäki harby hereketliligine garşy birlikde tagalla edilmegi hakynda pikir alyşandygyny belledi.

 

 

Tags