Feb 11, 2022 19:59 Asia/Ashgabat
  • Stoltenberg Bilen Jonson, Russiýa-Ukraina Dartgynlygy Hakynda Pikir Alyşdy

"Russiýa hüjüm ediji syýasatyny dowam etdiren halatynda jerimesi agyr bolar"

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde, NATO-nyň ştab kwartirasynda duşuşdy.

Stoltenberg bilen Jonson duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Russiýanyň Ukraina serhedinde 100 müňden gowrak esgeriniň we agyr ýaragynyň bardygyny nygtan Stoltenberg, Russiýanyň dartgynlygy gowşatmagy üçin diplomatiýa taýdan tagalla edýändiklerini belledi.

Stoltenberg, Russiýanyň Belarusdaky harby hereketliligi bilen hem ýakyndan gyzyklanýandyklaryny ýatlatdy.

Şu gün Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowa hat ýazyp, dartgynlygyň diplomatiýa arkaly çözülmegi maksady bilen NATO-Russiýa geňeşinde gepleşikleriň dowam etdirilmegini teklip edendigini bellän Stoltenberg, “ Biz Russiýanyň aladalaryny diňlemäge taýar”diýdi.

Russiýa hüjüm ediji syýasatyny dowam etdiren halatynda jerimesiniň agyr boljakdygyny aýdan Stoltenberg, Russiýa ykdysady taýdan sanksiýa goýuljakdygyny, NATO-nyň Ýewropanyň gündogarynda harby güýjüniň artdyryljakdygyny belledi.

Britanyýanyň Premýer-ministri Boris Jonson hem ýurdunyň Ýewropanyň  howpsyzlygyna şertsiz goldaw berýändigini nygtady.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Günbatarly ýurtlar bilen howpsyzlyk kepilligi meselesindäki gepleşikleriň dowam edýändigini nygtap, “NATO we Waşingtona beriljek jogaplary taýarlanýarys” diýdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew paýtagt Moskwada Kremlde bolan duşuşgykdan soň metbugata beýannama berdi.

Putin beýannamasynda, Günbatarly ýurtlar bilen howpsyzlyk kepilligi meselesindäki gepleşikleriň dowam edýändigini nygtap, “Ýewropaly we Amerikaly hyzmatdaşymyz bilen gepleşikler açyk we ýapyk görnüşinde dowam edýär. “NATO we Waşingtona beriljek jogaplary taýarlanýarys” diýip belledi.

 

 

Tags