ABŞ Polşa Goşmaça 3 Müň Esger Ugradar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i15656-abŞ_polşa_goşmaça_3_müň_esger_ugradar
ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Astin Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň möwjemegi sebäpli Polşa goşmaça 3 müň esger ugratmak boýunça görkezme berdi.
(last modified 2022-02-13T16:06:43+00:00 )
Feb 13, 2022 21:06 Asia/Ashgabat
  • ABŞ Polşa Goşmaça 3 Müň Esger Ugradar

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Astin Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň möwjemegi sebäpli Polşa goşmaça 3 müň esger ugratmak boýunça görkezme berdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Astin Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň möwjemegi sebäpli Polşa goşmaça 3 müň esger ugratmak boýunça görkezme berdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň ýokary derejeli resmilerinden biri; “Prezidentiň görkezmesine laýyklykda ministr Astin şu gün Fort Braggda ornaşýan 82-nji awia diwiziýasyndan galan 3 müň esgeriň hem Polşa ugradylmagy hakynda görkezme berdi” diýdi.

Harby goşunyň golaýda Polşa barjakdygyna ünsi çeken resmi, mundan ozal şol diwiziýadan 1700 esgeriň Polşa ugradylandygyny, şonuň bilen birlikde 82-nji awia diwiziýadaky ähli esgerleriň sebite ugradyljakdygyny beýan etdi.

Harby bölüme Owganystandan yza çekiliş tapgyryna ýolbaşçylyk eden general maýor Kristofer Donahu tarapyndan serkerdelik edilýändigini aýdan resmi, Germaniýa ugradylmagy üçin görkezme berilen 18-nji awia korpusyň 300 esgeriniň Germaniýa barandygyny aýtdy.

Ministrligiň resmisi; “Şol goşmaça 5 müň harby personal köp sanly wezipäni berjaý etmäge ukyply, manýowr ukyby ýokary güýçden emele gelýär. NATO-daky ýaranlarymyza kepillik bermek, NATO-nyň gündogar ganadyna abanýan howpy yza serpikdirmek, ýer eýesi ýurduň güýçlerine tälim bermek we dürli şertlerde goldaw hem-de goşant goşmak üçin ornaşdyrylýarlar” diýdi.

ABŞ şol sanda NATO-nyň Çäre görüş güýji işe girişen halatynda Ýewropa ugratmak üçin 8,500 esger taýýarlapdy.

Şol bir wagtyň özünde ,Russiýanyň Goranmak ministrligi, 30-dan gowrak harby gäminiň harby türgenleşik üçin Garadeňize barandygyny habar berdi.

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “30-dan gowrak harby gämi Siwastopol we Noworossiýsk portlaryndan harby türgenleşige gatnaşmak üçin Garadeňize bardy”diýildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan 20-njy ýanwarda berlen beýannamada, rus flodynyň ýanwar we fewral aýlarynda yzygiderli harby türgenleşik geçirjekdigi nygtalypdy. türgenleşiklere 140 gämi bilen birlikde 60 howa ulagynyň we 10 müň esgeriň gatnaşjakdygy bellenilipdi.