talyban Amerika duýduryş berdi
Talyban ABŞ-nyň Owganystanyň merkezi bankynyň emläkleri eýelemek baradaky kararyndan soň Waşingtonyň öjükdiriji syýasatlaryny dowam etdirmek barada duýduryş berdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Owganystanda Talyban häkimiýet başyna gelenden gysga wagtyň içinde 10 milliard dollar töweregi emlägi doňdurdy. Talybandan başga-da Waşingtonyň bu hereketi owgan halkynyň gaharyny getirdi.
Owganlar agyr ykdysady krizis bilen göreşýärler we BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň aýtmagyna görä, owgan halkynyň ýagdaýyny göz öňünde tutup, bu ýurda pul salmak zerur ädimdir.
Guttiereş 26-njy ýanwarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adyny aýtmazdan "Owganystana garş sanksiýalar we global bank ulgamynyň ynamsyzlygy Owganystanyň Merkezi Bankynyň takmynan 9 milliard dollar emlägini doňdurdy" -diýdi.
yakynda Waşingtonda Jo Baýdeniň administrasiýasy Owganystanyň Merkezi bankynyň 9,5 milliard dollarlyk gabawyndan 3,5 milliard dollar bölüp 11-nji sentýabrda ölenleriň öwezini dolmak üçin haslandygyny habar berdi.
Talybanyň metbugat sekretary ABŞ-nyň kararyny prowokatiw diýip atlandyrdy we Waşingtona duýduryş berdi.
Talybanyň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid: Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu kararyndan yza çekilmese we prowokasiýa hereketlerini dowam etdirmese, Talyban bu ýurda garşy alyp barýan syýasatlaryna täzeden garamaly bolar diýdi.
Mujahid Owgan emläkleriniň konfiskasiýa edilmegi esassyz hereket we owgan halkynyň hukuklarynyň bozulmagy diýdi.
Kabul halky Baýden hökümetiniň täze kararyna we owgan emläkleriniň konfiskasiýa edilmegine garşy çykdylar.