Putin we Baýden sammitde duşuşyk geçirerler
ABŞ-nyň Prezidenti Jo baýden we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ýewropanyň howpsuzlygy we durnuklylygy bilen bagly geçiriljek sammitde özara duşuşyk geçirerler
Fransiýanyň Prezidentligi Ýeliseý köşgünden berilen ýazmaça beýanatda, Prezident Emmanuel Makronyň, Baýden we Putin bilen telefon arkaly gürrüňdeş bolandygy mälim edildi.
Makronyň degişli taraplaryň gatnaşmagynda Baýdeniň we Putiniň arasynda Ýewropanyň howpsuzlygy we durnuklylygy bilen bagly sammitiň geçirilmegi üçin teklip orta atandygy habar berilen beýanatda, liderleriň ikisiniň hem teklibi kabul edendigi aýan edildi.
Beýanatda sammitiň düzüminiň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen rus kärdeşi Sergeý Lawrowyň arasynda 24-nji fewralda geçiriljek duşuşykda taýarlanjakdygy beýan edildi.
Bu sammitiň geçirilmegi üçin Russiýanyň Ukrainany basyp almazlyk şertiniň orta atylandygy bellenen beýanatda, Makronyň degişli taraplar bilen sammitiň düzümini taýarlajakdygy habar berildi. Şeýlede,Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň şu gün Howpsuzlyk Geňeşi bilen nobatdan daşary maslahat geçirjekdigi habar berildi
Russiýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Ukrainanyň Donetsk we Lugansk sebitlerinde Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň gözegçiligindäki sebitlerde artan dartgynlygyň üstünde durup geçdi.
Ukrainanyň gündogaryndaky ýagdaýa alada bildirýändiklerini aýdan Peskow: "Ýagdaý örän dartgynly we häzirki wagtda dartgynlygyň peselendigi bilen bagly hiç hili alamat görmeýäris. Öjükdirmeler, hüjümler has hem artýar we bu elbetde örän alada döredýär" diýip belledi.
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň şu gün Howpsuzlyk Geňeşi bilen nobatdan daşary maslahat geçirjekdigini aýdan Peskow: "Adaty maslahat däl, uly bir maslahat geçiriler. Putiniň hem bu maslahatda çykyş etmegine garaşylýar" diýip habar berdi.
Emma,Russiýanyň hökümediniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň bir günde iki gezek telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny beýan etdi.
Dmitriý Peskow beren beýanatynda, Putiniň we Makronyň düýn geçiren telefon söhbetdeşliginden soň şu gün irden ýerli wagt bilen sagat 10:00-da Makronyň başlangyjy bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berdi.
Peskow: "Döwlet baştutanlary Ukrainanyň töweregindäki ýagdaýy maslahatlaşmaga dowam etdiler" diýip mälim etdi.
Peskow, Wladimir Putiniň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Ukraina krizisi babatynda islendik mahal duşuşyk geçirip biljekdigini, emma bu babatda anyk bir meýilnamanyň hem bolmandygyny aýan etdi.
Dmitriý Peskow, Ukraina babatynda dartgynlygyň artandygyny, emma diplomatik başlangyçlaryň işjeňdigini beýan etdi.