Mar 05, 2022 14:08 Asia/Ashgabat
  • Grahamyň Putiniň öldürilmegi baradaky teklibine Ak tam reaksiýa bildirdi

Respublikan senatoryň Putini öldürmek baradaky teklibi Russiýa bilen göni gapma-garşylykdan gaça durýan Ak tamda ýiti reaksiýa döretdi.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, respublikan senator Lindseý Graham twitde Wladimir Putinden dynmagyň ýeke-täk ýolunyň rus raýatynyň ony öldürmekdigini ýazypdyr.

Respublikan senator bu çäräni Russiýa we ahyr soňda bütin dünýä hyzmat etmek hökmünde gördi.

Bu teklibe jogap edip, ähli gozgalaňlara we pitnelere garamazdan Russiýa bilen göni gapma-garşylykdan gaça durýan Ak tam muňa reaksiýa bildirmäge mejbur boldy.

Bu aralykda, Ak tamyň metbugat sekretary Jen Saki: Bu Baýden administrasiýasynyň pozisiýasy däl we bu administrasiýa agzalarynyň agzyndan beýle beýannama çykmaz diýdi.

Şu wagta çenli NATO-nyň başynda durýan ABŞ Ukraina goşun ibermekden saklandy we Russiýa bilen söweşe gitjekdigi sebäpli bu ýurtda uçuş gadagan zolagyny döretmek meýilnamasynyň ýokdugyny birnäçe gezek aýtdy.

Demokratik Prezident Jo Baýden ozal Russiýa garşy berk ykdysady sanksiýalara alternatiwanyň ýokdugyny toslady, sebäbi islendik harby jogap üçünji Jahan Urşunyň başlanmagyna sebäp bolar - bu Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň aýtmagyna görä ýadro uruşy bolar.

Tags