Mar 11, 2022 16:05 Asia/Ashgabat
  • Putini daşary ýurtly hakyna tutulanlaryň Ukraina iberilmegini tankytlady

Russiýa-Ukraina urşunyň 16-njy gününde Russiýanyň prezidenti Günbataryň dünýäniň dürli künjeklerinden Ukraina daşary ýurt hakyna tutulanlary iberýändigini habar berdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 24-nji fewralda Ukraina hüjüm etmegi buýurdy. Moskwa bu hüjümiň Ukrainany nasistleşdirmek we ýaragsyzlandyrmakdygyny aýtdy.

Russiýa mundan öň günbatar ýurtlaryna adam hukuklarynyň depelenmegine, şeýle hem gündogar Ukrainada ýaşaýan ruslara bu ýurduň edýän hüjümlerine üns bermezlik barada birnäçe gezek duýduryş beripdi.

Sputnik habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin anna güni bu ýurduň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bilen geçirilen ýygnakda "Ukrainany günbatarly goldaýanlar daşary ýurtly hakyna tutulanlaryň iberilmegini gizlemeýärler we halkara hukugynyň ähli kadalaryny äsgermezlik edýärler" diýdi.

Putin sözleriniň dowamynda Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň Ukraina meýletinçileri ibermek meýilnamasyny goldady.

Duşuşykda Şoýgu Donbas sebitindäki Donetsk we Luhansk respublikalaryna kömek etmek üçin 16,000 meýletinçiniň köpüsiniň Günbatar Aziýadandygyny aýtdy.

Russiýanyň prezidenti, bir adam Donbasyň halkyna pul üçin däl-de, meýletin kömek etmek islese, olar bilen hyzmatdaşlyk etmelidigini we söweş sebitlerine gitmegini aňsatlaşdyrmalydygyny aýtdy.

Tags