Saýlawlar Owganystandak kynçylyklaryň ýeke-täk çözgüdi
Owganystandaky Yslam partiýasynyň lideri Owganystandaky meseleleriň ýeke-täk çözgüdiniň saýlaw geçirmekdigini aýtdy.
Owganystandaky Yslam partiýasynyň lideri Gulbuddin Hekmatýar Owganystanda koalisiýa hökümetiniň gurulmagyna garşy çykyş edip: Bu ýurtda, esasanam howpsuzlyk nukdaýnazaryndan saýlaw geçirmek üçin şertler öňküsinden has amatlydyr diýdi.
Hekmatýar Owganystanda saýlawlaryň geçirilmeginiň zerurdygyny belläp: Bu ýurtda durnuklylygy üpjün etmegiň ýeke-täk ýoly, saýlanan prezidentiň ýolbaşçylygyndaky bitewi hökümet döretmekdir diýdi.
Owganystandaky Yslam partiýasynyň lideri, koalisiýa hökümetleriniň Owganystan ýaly bir ýurdy dolandyryp bilmejekdigini aýdyp, soňky dört onýyllykda Owganystanyň dürli ulgamlary bu ýurtda koalisiýa hökümetini gurup bilmedi diýdi.
Özi puştun we Talyban bilen ýakyn gatnaşygy bolan Hekmatýar ozal Loýa Jirganyň (Maslahat beriş mejlisiniň) döredilmegine garşy çykypdy we Owganystanda bir partiýaly hökümet gurulmagyny isläpdi.