BMG Owganystandaky azyk howpsuzlygy barada duýduryş berdi
(last modified Mon, 04 Apr 2022 10:37:20 GMT )
Apr 04, 2022 15:37 Asia/Ashgabat
  • BMG Owganystandaky azyk howpsuzlygy barada duýduryş berdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissary Owganystandaky 24 million adamyň azyk howpsuzlygyny çözmek üçin ynsanperwer kömegini isledi.

Birnäçe ýyllap dowam eden uruş we ABŞ-nyň 20 ýyllyk basybalyjylygy bilen Owganystanyň infrastrukturasy düýbünden ýok edildi. bu ýurduň ykdysadyýeti ençeme ýyl bäri daşary ýurt ynsanperwer kömegine mätäçdir. Günbatar sanksiýalary we ABŞ tarapyndan 10 milliard dollar töweregi owgan pulunyň talanmagy Owganystandaky garyplyga we açlyga sebäp boldy.

Şafakna habar gullugynyň habaryna görä, BMG-nyň bu gullugy ýekşenbe güni twit ýazyp, Owganystandaky 24,4 million adamyň azyk howpsuzlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny we ynsanperwer kömegine we goldawyna mätäçdigini aýtdy.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissary "Gumanitar kömek millionlarça owganly üçin möhüm çözgütdir. Indi olaryň ýanynda durmagyň wagty geldi" -diýdi.

Tags