DAEŞ Täjigistana raketa hüjümini amala aşyrdy
DAEŞ terror topary Owganystandan Täjigistana raketa hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Täjigistan metbugatynyň düýn (şenbe) howpsuzlyk işgärlerine salgylanyp, Owganystanyň Tahar welaýatynyň Haja Gar şäherinden dört sany BM-1 raketasynyň Täjigistana atylandygyny habar berdi. DAEŞ bu hüjümi öz üstüne aldy.
IRNA-nyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, DAEŞ-iň raketa hüjüminden soň Täjigistan serhetçileri Owganystanyň topragynda terrorçylyk pozisiýalaryny hem nyşana aldy.
Mundan öň Özbegistana raketa hüjüminiň jogapkärçiligini hem DAEŞ terror topary öz üstüne alypdy.
Raketa hüjümleri Owganystandan goňşy ýurtlara bir ýagdaýdadyr welin, Owganystandaky wagtlaýyn Talyban hökümeti bolsa Owganystanyň çäginiň goňşy ýurtlar üçin howp salmaýandygyny yglan edip DAEŞ terror toparyň peselendigini aýdypdy.
Bu aralykda, DAEŞ terrorçylyk topary Owganystandaky soňky bir aýyň içinde ýüzlerçe adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan birnäçe partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alandyr.