May 14, 2022 17:16 Asia/Ashgabat
  • Moskwa NATO guramasyna duýduryş berdi

Russiýa, eger NATO ýadro güýçlerini Russiýanyň serhetlerine ýakynlaşdyrsa, Moskwanyň jogap berjekdigini duýdurdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 24-nji fewralda Günbatary Moskwanyň howpsuzlyk aladalaryna üns bermeýändigi üçin tankytlady we Gündogar Ukrainadaky Donetsk we Luhansk häkimiýetlerininiň kömek soramaklarynyň yzy bilen; Bu ýurda hüjüm etmek barada buýruk berdi.

Şenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Groşko Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasy (NATO) ýadro enjamlaryny we güýçlerini Russiýanyň serhetlerine ýakynlaşdyrsa, Moskwanyň ýeterlik çäreleri görjekdigini duýdurdy.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Moskwanyň Finlýandiýa we Şwesiýa garşy duşmançylykly niýetiniň ýokdugyny we iki ýurduň NATO agza bolmagy üçin hiç bir sebäbi görmeýändigini aýtdy.

Tags