Talyban: Owganystanyň territoriýasy haýsydyr bir ýurda garşy ulanylmaýar
(last modified Wed, 18 May 2022 08:47:31 GMT )
May 18, 2022 13:47 Asia/Ashgabat
  • Talyban: Owganystanyň territoriýasy haýsydyr bir ýurda garşy ulanylmaýar

Owganystandaky Talyban hökümetiniň metbugat sekretarynyň orunbasary, Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasyna agza döwletleriň Owganystanda durnuksyzlygyň bolup biljekdigi baradaky aladalaryna jogap edip, Owganystanyň çäginiň haýsydyr bir ýurda garşy ulanylmajakdygyny aýtdy.

Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň agzalary Moskwada geçirilen ýygnakda Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýyna alada bildirdiler We ýaragly we terrorçy toparlaryň Owganystandaky işlerine bu guramanyň howpsuzlygyna howp hökmünde garadylar.

Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan) ýolbaşçylary bu gurama agza ýurtlaryň Owganystan bilen serhetleriniň howpsuzlygyny berkitmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Owganystanyň Şafaknasynyň habar bermegine görä, düýn (sişenbe) Talyban hökümetiniň metbugat sekretarynyň orunbasary Bilal Karimi Owganystandaky ýaragly toparlaryň alyp barýan işleri baradaky habarlary ýene bir gezek ret etdi we ýurtda howpsuzlygyň dikeldilendigini aýtdy.

Bilal Karimi şeýle-de, Talyban hökümetiniň goňşy ýurtlara owgan territoriýasynyň olara garşy ulanylmajakdygyny ynandyrýandygyny aýtdy.

Bu bir ýagdaýdadyr welin ýakynda Özbegistan we Täjigistan Owganystandan raketalar bilen hüjüm  astyna alynandyr bu hüjümleri DAEŞ terror topary amala aşyrdy.

Bu aralykda, DAEŞ terrorçylyk topary Owganystandaky soňky bir aýyň içinde ýüzlerçe adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan birnäçe partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Tags