May 23, 2022 13:42 Asia/Ashgabat
  • Talyban: ABŞ bilen gol çekilen şertnama ygrarlydyrys

"Talybanyň" metbugat sekretary toparyň ABŞ bilen gol çekilen şertnama ygrarlydygyny aýtdy.

Owganystan bilen parahatçylyk şertnamasy ýa-da Doha-Katar şertnamasy 2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda ABŞ bilen Talyban arasynda gol çekildi.

Bu şertnama ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen Talyban liderleriniň arasynda Doha-da gol çekildi.

Owgan şahsyýetleriniň we adamlarynyň köpüsi ABŞ goşunlarynyň çalt we şübheli yza çekilmegi Kabul hökümetiniň ýykylmagyna we Owganystandaky Talyban dolandyryşynyň döremegine sebäp boldy diýýäräler.

Zabihullah Mujahid sözüniň dowamynda "Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna Owganystandan howp salmajakdygyna borçlanýarys we bu şertnamany durmuşa geçirmek üçin elimizden gelenini ederis" diýip yglan etdi.

"Talybanyň" metbugat sekretary: "ABŞ bilen gowy gatnaşyk gurmak we bu ýurt bilen ykdysady we diplomatik gatnaşyklar gurmak isleýäris we iki tarapyň hem birek-birege kömek etmegini isleýäris" -diýdi.

Bu sözler  şeýle ýagdaýda ara atylýandyr welin "Talyban" we owgan halky ABŞ-ny Owganystandaky problemalarda günäkärleýändirler.

 

Tags