May 28, 2022 20:21 Asia/Ashgabat
  • Putin, Ukraina ýarag ibermegiň netijeleri barada Günbatara duýduryş berdi

Russiýanyň prezidenti, fransuz kärdeşi we Germaniýanyň kansleri bilen üç taraplaýyn telefon arkaly söhbetdeşlikde Ukraina ýarag ibermek durnuksyzlygy ýokarlandyryp we gumanitar ýagdaýy hasam erbetleşdirip biljekdigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň täsirli ýurtlary bolan Germaniýa we Fransiýa bir tarapdan Ukraina maliýe we harby kömek iberýär, beýleki tarapdan konfliktiň öňünde aram ýüz görkezmäge synanyşýar.

Sputnikiň habaryna görä, Kremlin köşgi şenbe güni beren beýanatynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainadaky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň kansleri Olaf Şultz bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Putin bu telefon arkaly söhbetdeşlikde Russiýa garşy sanksiýalar ýatyrylan halatynda dökünleriň we oba hojalyk önümleriniň eksportyny gaýtadan başlamaga taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem Russiýanyň prezidenti, ýurdunyň Gara deňiz portlaryndan geçip biljek gallany üpjün etmegiň ýollaryny tapmaga taýýardygyny aýtdy.

Kremliň beýanynda: Putin Şultz we Makrona Russiýanyň Ukraina bilen gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Tags