Russiýa ABŞ-nyň ýaraglaryny Ukraina ibermegiň netijeleri barada duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i17186-russiýa_abŞ_nyň_ýaraglaryny_ukraina_ibermegiň_netijeleri_barada_duýduryş_berdi
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary ABŞ-nyň ýaraglaryny Ukraina ibermegiň netijeleri barada duýduryş berdi.
(last modified 2022-06-01T08:35:58+00:00 )
Jun 01, 2022 13:35 Asia/Ashgabat
  • Russiýa ABŞ-nyň ýaraglaryny Ukraina ibermegiň netijeleri barada duýduryş berdi

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary ABŞ-nyň ýaraglaryny Ukraina ibermegiň netijeleri barada duýduryş berdi.

Günbatar ýurtlary, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Angliýa şol başdan metbugat urşy bilen birlikde sanksiýalary güýçlendirmek we Ukraina ýeňil we agyr ýaraglar bermek bilen Ukrainadaky konflikti güýçlendirip gelýändir we bu konflikt Günbatar ýurtlarynyň öjikdirmegi bilen dowam edip gelýändir.

Moskwa günbatarň ýaraglary ibermeginiň diňe uryşyň dowam etmegine sebäp boljakdygyny birnäçe gezek aýdandyr we hatda rus güýçleriniň şeýle ýaraglary nyşana alyp biljekdigini hem duýdurandyr.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow çarşenbe güni ABŞ-nyň ýaraglarynyň Ukraina iberilmegi Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda çaknyşyk töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny habar berdi.

Rýabkow, şeýle hem, ABŞ-nyň Ukraina täze harby kömegini tassyklamak baradaky ädimini ýazgardy.

“Himaras” roketa ulgamy, çarşenbe güni açylan Ukraina üçin 700 million dollarlyk täze bukjanyň bir bölegidir.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow ABŞ-nyň “Himaras” raketa ulgamyny Ukraina ibermek baradaky hereketini ýazgardy we bu hereketi peýdasyz bildi.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ukraina krizisine çözgüt tapmak üçin hiç zat etmeýändigini aýtdy.