Hytaý prezidentiniň Amerika duýduryşy
Amerikaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Hytaýyň prezidenti Taýwan adasy bilen baglanyşykly ot oýnamazlygy duýdurdy.
Hytaý Taýwany öz çäginiň bir bölegi hasaplaýar we Amerikanyň bu sebite gatyşmagyna hemişe ýokary duýgurlyk bilen garaýar we Amerikanyň bu ugurdaky hereketlerini milli bähbitlerine we howpsuzlygyna ters gelýär diýip hasaplaýar.
Şinhua habar gullugynyň habaryna görä, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin penşenbe güni agşam ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde: Ot bilen oýnaýanlar ahyrsoňy ýanarlar, Amerikan tarapy muňa doly düşüner diýip umyt edýärin diýdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti, Taýwan adasy meselesiniň taryhynyň aýdyňdygyny we Taýwan bogazynyň iki tarapynyň hem Hytaýa degişlidigini aýtdy.
Si Szinpin taraplaryň birek-biregiň içerki işlerine goşulmazlyk baradaky taryhy şertnamasyny ýatlap, şeýle diýdi: Hytaý Taýwanyň garaşsyzlygyna we bu ugurda daşary ýurt gatyşmagyna berk garşy çykýar we her kim Hytaýyň dargamagy ody bilen oýnasa, ýok ediler.