CNN: Amerikadaky inflýasiýanyň täsiri diňe iýmit we ýangyç bilen çäklenmeýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i18076-cnn_amerikadaky_inflýasiýanyň_täsiri_diňe_iýmit_we_ýangyç_bilen_çäklenmeýär
CNN tele kanaly, Amerikadaky ýokary inflýasiýanyň diňe bir azyk we ýangyç bilen çäklenmän, bu ýurduň halkynyň ähli çykdajylaryna diýen ýaly täsir edendigini habar berdi.
(last modified 2022-07-31T04:53:34+00:00 )
Jul 31, 2022 09:53 Asia/Ashgabat
  • CNN: Amerikadaky inflýasiýanyň täsiri diňe iýmit we ýangyç bilen çäklenmeýär

CNN tele kanaly, Amerikadaky ýokary inflýasiýanyň diňe bir azyk we ýangyç bilen çäklenmän, bu ýurduň halkynyň ähli çykdajylaryna diýen ýaly täsir edendigini habar berdi.

CNN habarlar gullugynyň habaryna görä, ABŞ-da sarp edijileriň baha görkezijisi 2022-nji ýylyň iýun aýynda käbir esasy enjamlaryň we abzallaryň bahasynyň 2019-njy ýylyň iýun aýynda korona epidemiýasy bilen deňeşdirilende takmynan 24% ýokarlanandygyny görkezýär we munyň sebäbi çig nebitiň ýokary bahasy, üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi we global ykdysady basyşlardyr we Amerikada inflýasiýanyň näderejede giň ýaýrandygyny görkezýär.

Korona epidemiýasynyň netijelerini, şeýle hem Ukrainadaky söweşiň we galla üpjünçiligi we Russiýanyň sanksiýalary bilen baglanyşykly meseleleriň Amerikanyň ykdysadyýetinde görlüp-eşidilmedik inflýasiýa sebäp bolandygyny bellemelidiris.

Ykdysady hünärmenler häzirki wagtda Amerikanyň ykdysady çökgünlige girýändigine ynanýarlar.

Ondan öň Halkara Walýuta Gaznasy dünýädäki inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ykdysady durgunlyk barada duýduryş beripdi.