Aug 03, 2022 13:21 Asia/Ashgabat
  • Türkiýäniň Daşary işler ministri Özbegistan Respublikasynyň prezidenti bilen duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri "Daşkend" şäherinde Özbegistanyň prezidenti bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi.

Özbegistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýäniň Özbegistanyň paýtagty Daşkentdäki ilkinji duşuşygyna gatnaşmak üçin bu şburda sapar eden Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu bu ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýew bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Çarşenbe güni "Fars" habar gullugynyň habaryna görä, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirzaýew ýokary derejeli şertnamalary durmuşa geçirmek çäginde iki ýurduň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu ýygnakda taraplar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Tags