Russiýanyň Amerika garşy täze aýyplamasy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i18638-russiýanyň_amerika_garşy_täze_aýyplamasy
Russiýanyň ýadro, himiýa we biologiki goranmak serkerdesi Amerikany biologiki ýarag götermek we ulanmak üçin pilotsyz uçarlary gurmakda we Ukrainany bu pilotsyz uçarlary almaga synanyşmakda aýyplady.
(last modified 2022-09-05T03:06:16+00:00 )
Sep 05, 2022 08:06 Asia/Ashgabat
  • Russiýanyň Amerika garşy täze aýyplamasy

Russiýanyň ýadro, himiýa we biologiki goranmak serkerdesi Amerikany biologiki ýarag götermek we ulanmak üçin pilotsyz uçarlary gurmakda we Ukrainany bu pilotsyz uçarlary almaga synanyşmakda aýyplady.

Russiýa Al-Ýumyň hasabatyna görä, Russiýanyň ýadro, himiýa we biologiki goranyş serkerdesi Igor Krylow, Amerikany we Ukrainany pilotsyz uçarlary biologiki ýarag götermekde we ulanmakda aýyplamak bilen ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň gutarylmadyk biologiki programmalary Ukrainadan Sowet Soýuzynyň, Gündogar Ýewropanyň we Baltika deňziniň garaşsyz respublikalaryna geçirmek kararyna gelendigini aýtdy.

Bu rus resmisi şeýle-de, Amerikan biologiki barlaghanalarynyň işiniň Russiýanyň howpsuzlygyna howp salýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Igor Krylow himiýa ýaraglary konwensiýasyna agza ýurtlaryň Russiýanyň inisiatiwasy bilen Ženewada indiki hepde ABŞ we Ukrainanyň borçlarynyň bozulmagyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnak geçirjekdigini habar berdi.

Russiýanyň ýadro, himiýa we biologiki goranmak serkerdesi bu ýurduň ABŞ bilen Ukrainanyň bu şertnamanyň birinji we dördünji düzgünlerini bozandygyny görkezýän ygtybarly subutnamalar bilen üpjün etjekdigini sözüniň üstüne goşdy.