Fransuz prezidentiniň Russiýa baradaky täze toslamasy
(last modified Thu, 13 Oct 2022 07:55:20 GMT )
Oct 13, 2022 12:55 Asia/Ashgabat
  • Fransuz prezidentiniň Russiýa baradaky täze toslamasy

Fransiýanyň prezidenti Russiýa barada täze toslamany ara atdy.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron çarşenbe güni agşam ýurduň telewideniýesine beren interwýusynda, Russiýa Ermenistan bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky soňky konfliktleri öjükdirip Kawkaz sebitini durnuksyzlaşdyrmaga synanyşdy diýip toslady.

Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky serhet çaknyşyklarynyň täze tapgyrynda (12-14-nji sentýabr aralygynda) 135 ermeni esgeri we 79 azeri esgeri öldi.

Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky ikinji söweş 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda jedelli Nagorno-Garabag sebitinde başlandy we Russiýanyň töwellaçylygy we 10-njy noýabrda iki tarapyň arasynda şertnama gol çekilmegi bilen 44 günden soň tamamlandy.

Bu şertnama laýyklykda Karabagyň käbir bölekleri Bakuda tabşyryldy. Şeýle-de bolsa, Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda serhet jedelleri bar, bu bolsa iki ýurduň arasynda aralyk konfliktlere sebäp boldy we iki tarapyň arasynda ýaraşyk şertnamasynyň düzgünlerini bozdy.

Tags